Ençeme orta gürp maşgalalara mesgen bolan birnäçe gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýän kiçijik kwartiralaryň birinde ýaşaýarys. Emma, biziň jaý toplumymyzy halan pişikler maşgalasynyň agzalary adamlaryň sanyndan has agdyk bolup biler. Bu dört aýaklylar, ýygnalýan penjeleri bilen öz ýabany garyndaşlary bolan ýolbarslar, gaplaňlar, garagulaklar we oselotlara guwanyp, töwerekde hiç kimden gorkmaýarlar. Dokuz jany bolan bu pişikleriň sanynyň köpelmegi hemmeleri biynjalyk edýär, emma käbirleriniň şatlanmagyna sebäp bolýar.
Howlumyzdaky bu pişikleriň ýer bilen baglaşykly özleriniň berk çäklendirmeleri bar. Zemin gat, birinji we ikinji gatdaky syçançy pişikler, aşhana barýan aç, talawçy pişiklerden başga hiç-birini gözegçilik çyzgysyndan geçirmän, öz sebitlerini goraýarlar. Seki bolsa, diňe ýaşlar üçin niýetlenen, ýöne kämahallar aristokrat, irki Siam pişikler güne çoýunmak we bedenlerini ýalamak üçin hem ulanýarlar. Käbir pişikler, başga pişikleriň ýerleşip bilmejegi, asuda uky üçin oňaýly ýerleri tapýalar. Mysal üçin, garawul jaýynda ýeňil ukyda ýatan bir görgüliniň üstünden baryp bilerler. Hudaý bu pişiklere iki görnüş ses beripdir, biri myrlamak beýlekisi bolsa mawlamak üçin we töweregimizdäki birnäçe soprano pişikler, aýratyn günlerde gijeki orkestrlary bilen ähli ýaşaýjylary hüşgär saklaýarlar.
Gyýkyndylardan ýasalan pişikler ýaly arassa bolmak isleýän käbir ýaşaýjylar, haçan-da bu çal pişikler olaryň zatlaryny bulaşdyran mahaly gaharlanýarlar. Ýaşaýjylaryň arasyndaky gyrgylar bu pişikleriň gamçy bilen kowulmalydygyna pugta ynanýarlar. Emma gumrylar bolsa pişigiň haýsy tarapa bökjegine garaşyp, kararsyz otyrlar. A biz bolsa, bu jogapkärçiligi kimiň alyp biljekdigini bilemzok.